Daşoguz halkara howa menzili
ýolagçylara we hyzmatdaşlara şu aşakdaky hyzmatlary hödürleýär

Howa gatnawlar agentligi

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 100-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin: +993 322 9 12 21
Sorag-jogap gullugy: +993 322 9 16 00

Ýolagçy terminaly

Ýolagçy terminalynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehniki we üpjünçilik enjamlary ýerleşdirilendir:
- Sagatda 400 ýolagça hyzmat etmek;
- Her aý 200-e golaý ýerli gatnawlar.

Ýangyç-çalgy serişdeler toplumy

- Dünýä ülňülerine laýyk gelýän howa gämilerine ýangyç guýmak we ýörite çalgy serişdeleri bilen üpjün etmek;
- 6 sany howa gämisiniň duralgasy merkezleşdirilen ýangyç guýuş ulgamy bilen üpjün edilen;
- Ýangyç-çalgy serişdelerini kabul etmek we paýlamak, olary gorap saklamak we awiakerosiniň hiline gözegçilik etmek.

Howa gämisine ýerüsti hyzmatlary

Daşoguz Halkara howa menzili şu aşakdaky ýerüsti hyzmatlaryny ýerine ýetirýär:
- Howa gämisiniň kabina hyzmatlary;
- Ýolagçy hyzmatlary;
- Minimal ýerüsti hyzmaty;
- Awiasiýa howpsuzlygy;
- Howa gämisine ýerüsti eksplotasiýasy.
- Howa gämileriniň ähli görnüşlerine laýyk gelýän traplar;
- GPU ýerüsti elektrik togy bilen üpjün edýän enjam;
- UWZ howa gämisiniň hereketlendirijisini herekete getirýän enjam;
- Hi loader 14 tonna çenli konteýner palet ýükleýji;
- Ýük ýükleýji lenta;
- Howa gämisini çekiji: LEKTRO AP8950SDB - AL-200 we Goldhofer AST-1X490;
- Ýangyç guýujy awtoulaglar;
- Howa gämisini arassa suw bilen üpjün edýän we hajathana arassalaýjy awtoulaglar;
- Howa gämisiniň salonyny sowadyjy we gyzdyryjy ýörite awtoulag;
- Lukmançylyk tiz kömek awtoulagy.

Aerodrom

- Aerodromyň derejesi 4"E";
- Bir sany uçuş-gonuş zolagy bolup, onuň uzynlygy 3.800x60 we berkligi PCN 107, aerodromda ICAO-nyň standartlaryna laýyk gelýän guşlaryň ugruny we hereketini anyklaýjy radar ulgamy we yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilendir;
- Kiçi görnüşli howa gämileri üçin berkligi PCN12 bolan 32 sany howa gämisiniň duralgasy we 6 sany berkligi PCN107 bolan howa gämisiniň duralgalary ähli howa gämilerini kabul etmäge ukyplydyr.

Howa hereketini dolandyryş merkezi

Howa hereketini dolandyryş merkezi:
- Howa hereketini dolandyryş merkezi dispetçerleriň zaly we radiotehniki we aragatnaşyk toplumy bilen üpjün edilendir;
- Howa hereketini dolandyryş diňi;
- Howa hereketini dolandyryş diňiniň uzynlygy 45 metr bolup, howa gämilerini anyklamak, olar bilen aragatnaşyga geçmek we uçuş-gonuş zolagyny yşyklandyryş ulgamyny dolandyrmak we radioaragatnaşygy gurnaýyş enjamlary bilen döwrebaplaşdyrylan.

Gözleg-halas ediş we ýangyn howpsuzlygy toplumy

- Howa menziliniň aerodrom ýangyn howpsuzlygy derejesi 7-nji dereje bolup, ol talap edilýän islendik derejäni üpjün etmäge ukyplydyr;
- Gözleg-halas ediş we ýangyn howpsuzlygy toplumynda 5 sany ýangyn söndüriji awtoulaglar we ýörite heläkçilikde halas ediş awtoulaglar bilen üpjün edilen.

Laçyn myhmanhanasy

"Laçyn" myhmanhanasyna howa menzilinden 2 min, Daşoguz şäherinden 15 km daşlykda ýerleşip, ähli otaglarynda döwrebap we sungat bilen sazlaşykly hyzmaty myhmanlaryna hödürleýär.
"Laçyn" myhmanhanasy gije-gündiz hereket etmek bilen, myhmanhanalaryna hyzmatyň asyl nusgasyny hödürlemäge taýýardyr.