«Türkmenistan» awiakompaniýasy diňe Türkmenistanyň raýatlary üçin Promo nyrhyny wagtlaýyn ýola goýýar we ýolagçylaryň goşlaryny daşamak boýunça täze konsepsiýasyny hödürleýär!

«Türkmenistan» awiakompaniýasy nyrhlaryny täzelemek bilen, uçuşlaryň başlangyç tapgyrynda ekonom klasynyň täze Promo «A» nyrhyny daşary ýurtda diňe Türkmenistanyň raýatlary üçin 90% arzanladyş awiabiledini satuwlarda hödürleýär. Awiabilediň bahasy ugruna baglydyr, şeýle hem oňa üýtgeşme girizilip bilner: Almaty – Türkmenistan - 110 USD Dubaý – Türkmenistan - 143 USD Abu Dabi – Türkmenistan - 144 USD Stambul – Türkmenistan - 157 USD Ankara – Türkmenistan - 151 USD Deli – Türkmenistan - 152 USD Amritsar – Türkmenistan - 179 USD Moskwa – Türkmenistan - 150 USD Sankt-Peterburg – Türkmenistan - 165 USD Kazan – Türkmenistan - 135 USD Minsk – Türkmenistan - 148 USD Pekin – Türkmenistan - 158 USD Bangkok – Türkmenistan - 160 USD London – Türkmenistan - 277 USD Birmingem – Türkmenistan - 271 USD Frankfurt – Türkmenistan - 257 USD Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň 25-nji martyndan Agram konsepsiýasyndan (Weight Concept) Bölekleýin konsepsiýasyna (Piece Concept) wagtlaýyn geçer, bu bolsa klasyna degişli bellenen iň ýokary agramy bilen goşmaça ýene 1 (bir) sanydan ybarat bolan bagažy (ýa-da sumka/torba we ş.m.) kesgitlenen tölegi bilen alyp bilersiňiz, ýagny mugt bagaž ekonom klasy üçin 25 kg, biznes klasy üçin 40 kg, şol sanda el goşlary bilen. Klasyna laýyk kesgitlenen bagažyndan daşary galan goşlaryny, ýagny 1 (bir) sany goşuny(çemodan, sumka) 32 kilograma çenli belli bir kesgitlenen bahada 50 ABŞ dollaryndan 60 ABŞ dollaryna çenli tölener. Almaty / Dubaý / Abu-Dabi – Türkmenistan kesgitlenen mugt bagaždan daşary ýene 32 kg çenli 1 (bir) goş bölegi üçin 50 ABŞ dollary; Stambul / Ankara / Deli / Amritsar / Moskwa / Sankt-Peterburg / Kazan / Minsk / Pekin / Bangkok / London / Birmingem / Frankfurt – Türkmenistan kesgitlenen mugt bagaždan daşary ýene 32 kg çenli 1 (bir) goş bölegi üçin 60 ABŞ dollaryndan ybaratdyr.