DAŞOGUZ HALKARA HOWA MENZILI
DASHOGUZ INTERNATIONAL AIRPORT
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
08 февраля 2025
«Rosawiýasiýa» edarasy S7 awiakompaniýasyna Moskwa-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlarynyň sanyny hepdede 7-den 14-e çenli köpeltmäge rugsat berdi – diýip, RIA Nowosti agentligi habar berýär.
Häzirki wagtda S7 Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda yzygiderli uçar gatnawlaryny amala aşyrýan ýeke-täk uçar daşaýjysy bolup durýar.
2024-nji ýylyň dekabr aýynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa amala aşyrýan uçuşlaryny wagtlaýynça togtatdy, ozal bolsa, şol ýylyň iýun aýynda awiakompaniýa Kazan ugry boýunça uçar gatnawlaryny bes edipdi.