Daşoguz halkara howa menzili ýolagçylara we hyzmatdaşlara şu aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:
CIP hyzmaty
Daşoguz halkara howa menziliniň CIP hyzmaty, gyssagly ýolagçyny hasaba almaklygy talap edýär. CIP otagynda boş wagtyňyzy kofe bilen geçirip, bellige garaşýan wagtyňyzda ýa-da uzak uçuşdan soň rahat ýagdaýda oturyp bilersiňiz. CIP otagyň hyzmatlary:
- VIP otagdaky aýratyn giriş hasaplaýjylarynda ýolagçylary we goşlary barlamak.
- Uçuşdan 30 minut öň uçara münmek.
- Ulag resminamalaryny hasaba almak.
- Ýolagçylara gidiş / gelýänler barada zerur maglumatlary bermek.
- Ýolagçylary gazet-žurnallar bilen üpjün etmek.
- TV, Wi-Fi hyzmatlaryny bermek.
- Ilkinji lukmançylyk we beýleki zerur kömegi bermek.
- Uçuş gijikdirilen ýagdaýynda, ýolagçy kabinada galyp bilýär.
Howa gatnawlar agentligi
Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri
Habarlaşmak üçin: +993 322 9 12 21
Sorag-jogap gullugy: +993 322 9 16 00
Ýolagçy terminaly
Ýolagçy terminalynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän
tehniki we üpjünçilik enjamlary ýerleşdirilendir:
- Sagatda 400 ýolagça hyzmat etmek;
- Her aý 200-e golaý ýerli gatnawlar.
Ýangyç-çalgy serişdeler toplumy
- Dünýä ülňülerine laýyk gelýän howa gämilerine
ýangyç guýmak we ýörite çalgy serişdeleri bilen üpjün etmek;
- 6 sany howa gämisiniň duralgasy merkezleşdirilen ýangyç
guýuş ulgamy bilen üpjün edilen;
- Ýangyç-çalgy serişdelerini kabul etmek we paýlamak,
olary gorap saklamak we awiakerosiniň hiline gözegçilik etmek.
Howa gämisine ýerüsti hyzmatlary
Daşoguz Halkara howa menzili şu aşakdaky ýerüsti
hyzmatlaryny ýerine ýetirýär:
- Howa gämisiniň kabina hyzmatlary;
- Ýolagçy hyzmatlary;
- Minimal ýerüsti hyzmaty;
- Awiasiýa howpsuzlygy;
- Howa gämisine ýerüsti eksplotasiýasy.
- Howa gämileriniň ähli görnüşlerine laýyk gelýän traplar;
- GPU ýerüsti elektrik togy bilen üpjün edýän enjam;
- UWZ howa gämisiniň hereketlendirijisini herekete getirýän enjam;
- Hi loader 14 tonna çenli konteýner palet ýükleýji;
- Ýük ýükleýji lenta;
- Howa gämisini çekiji: LEKTRO AP8950SDB - AL-200 we Goldhofer AST-1X490;
- Ýangyç guýujy awtoulaglar;
- Howa gämisini arassa suw bilen üpjün edýän we hajathana arassalaýjy awtoulaglar;
- Howa gämisiniň salonyny sowadyjy we gyzdyryjy ýörite awtoulag;
- Lukmançylyk tiz kömek awtoulagy.
Aerodrom
- Aerodromyň derejesi 4"E";
- Bir sany uçuş-gonuş zolagy bolup, onuň uzynlygy 3.800x60 we berkligi
PCN 107, aerodromda ICAO-nyň standartlaryna laýyk gelýän guşlaryň ugruny
we hereketini anyklaýjy radar ulgamy we yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilendir;
- Kiçi görnüşli howa gämileri üçin berkligi PCN12 bolan 32 sany howa gämisiniň
duralgasy we 6 sany berkligi PCN107 bolan howa gämisiniň duralgalary ähli
howa gämilerini kabul etmäge ukyplydyr.
Howa hereketini dolandyryş merkezi
Howa hereketini dolandyryş merkezi:
- Howa hereketini dolandyryş merkezi dispetçerleriň zaly we radiotehniki we aragatnaşyk
toplumy bilen üpjün edilendir;
- Howa hereketini dolandyryş diňi;
- Howa hereketini dolandyryş diňiniň uzynlygy 45 metr bolup, howa gämilerini anyklamak,
olar bilen aragatnaşyga geçmek we uçuş-gonuş zolagyny yşyklandyryş ulgamyny dolandyrmak
we radioaragatnaşygy gurnaýyş enjamlary bilen döwrebaplaşdyrylan.
Gözleg-halas ediş we ýangyn howpsuzlygy toplumy
- Howa menziliniň aerodrom ýangyn howpsuzlygy
derejesi 7-nji dereje bolup, ol talap edilýän islendik derejäni üpjün etmäge ukyplydyr;
- Gözleg-halas ediş we ýangyn howpsuzlygy toplumynda 5 sany ýangyn söndüriji
awtoulaglar we ýörite heläkçilikde halas ediş awtoulaglar bilen üpjün edilen.
Laçyn myhmanhanasy
"Laçyn" myhmanhanasyna howa menzilinden 2 min,
Daşoguz şäherinden 15 km daşlykda ýerleşip, ähli otaglarynda
döwrebap we sungat bilen sazlaşykly hyzmaty myhmanlaryna hödürleýär.
"Laçyn" myhmanhanasy gije-gündiz hereket etmek bilen,
myhmanhanalaryna hyzmatyň asyl nusgasyny hödürlemäge taýýardyr.