Aşgabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinden «Awaza» boljak uçar gatnawlary artdyrylýar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümleriniň başlanmagy bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçylaryň artýan isleglerini kanagatlandyrmak üçin, Mary — Türkmenbaşy — Mary, Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugry boýunça goşmaça gatnawlar ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça hem ýerine ýetirilýän gatnawlaryň sany hepdede 16 gatnawa çenli artdyryldy.