Gurbanguly Berdimuhamedow «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglandy

Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy - «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglandy diýip, şu günki resmi metbugat ýazýar. Sylagy gowşurmak dabarasy penşenbe güni TR-niň Prezidentiniň kabulhanasynda geçirildi. Tatarystanyň Prezidentiniň permanyna laýyklykda, Sylag Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky aýratyn hyzmatlary üçin gowşuryldy. Dabarada Gurbanguly Berdimuhamedow bu sylagy kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny, ony doganlyk Tatarystanyň Türkmenistana we türkmen halkyna uly hormatynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady. Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy häzirki wagtda Türkmenistanyň we Tatarystanyň giň gerimli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýändigini we Aşgabadyň ähli pudaklarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmäge taýýardygyny belledi.